Erdogan, Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Zelenskiý, Russiýa-Ukraina söweşi we iki ýurduň arasynda geçirilýän gepleşiklerde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşdy.

1802150
Erdogan, Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde, Russiýa-Ukraina söweşi we iki ýurduň arasynda geçirilýän gepleşiklerde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde NATO-nyň liderler maslahatynda Ukrainanyn bitewiligine berilýän goldawyň ýene-de bir gezek nygtalandygyny, geçiren özara duşuşyklarynda hem Türkiýäniň alyp barýan tutumyny edýän tagallasyny liderlere gürrüň berendigini aýtdy.

Prezident Erdogan, bu etapda Türkiýäniň elinden geleni etmäge dowam etjekdigini nygtady.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.



Degişli Habarlar