Prezident Erdogan Gollandiýanyň Premýer ministri Rýutte bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Erdogan Russiýa-Ukraina söweşinde Türkiýäniň diplomatiýany ýeke-täk çykalga hökmünde görýän başlangyçlaryny mundan soň hem dowam etdirjekdigini mälim etdi

1800263
Prezident Erdogan Gollandiýanyň Premýer ministri Rýutte bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
rutte-erdogan.jpg

Prezident Erdogan Türkiýä resmi sapar bilen gelen Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rýutte bilen Prezidentiň kompleksinde ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdi. 

Erdogan geçirilen duşuşyklardan soň gurnalan umumy metbugat ýygnagynda Russiýa-Ukraina söweşiniň üstünde durup geçdi. 

Türkiýe hökmünde Ukrainada başdan geçirilýän krizisiň başyndan bäri anyk bir pozisiýa eýeländiklerini, paýhasly çemeleşmek barada çagyryş berendiklerini ýatladan Erdogan: "Gynansagam ol ýerdäki ynsanperwer darama artyp dowam edýär. Onuň hötdesinden gelmek üçin işjeň diplomatiýa alyp barýarys" diýip belledi. 

Ukrainanyň we Russiýanyň Döwlet ýolbaşçylary Wladimir Zelenskiý we Wladimir Putin bilen gatnaşygyny dowam etdirýändigini aýdan Erdogan: "Şertleriň kyndygyny bilýäris, emma diplomatiýany ýeke-täk çykalga hökmünde görýän başlangyçlarymyzy mundan soň hem dowam etdireris" diýip habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem Russiýada we Ukrainada kärdeşleri bilen duşuşyk geçirendigini ýatladan Erdogan: "Ylalaşyga we parahatçylyga barýan ýolda elimizden geleni etjekdigimizi nygtadyk. Diplomatiýanyň ýeke täk çykalgadygyny bilýäris" diýip beýan etdi. 

Çykyşynda Gollandiýa bilen edilýän gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Erdogan, iki ýurdyň arasyndaky söwda mukdarynyň 30 göterimlik artyş bilen 11 milliard dollara ýetendigini, mundan soňky maksatnamany hem ilkinji tapgyrda 15 milliard dollara, soň bolsa 20 milliard dollara ýetirmekdigini aýan etdi. 

Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rýutte hem, NATO üçin syýasy we harby taýdan möhüm ýurt bolan Türkiýäniň Russiýa-Ukraina gepleşiklerinde möhüm rol eýeleýändigini belläp: "Hormatly Erdogana şol roly öz üstüne alanlygy sebäpli minnetdarlyk bildirýärin" diýip mälim etdi. 

Mark Rýutte: "Iki ýurt bilen aragatnaşykda bolan seýrek ýurtlaryň biri bolan Türkiýäni araçylyk boýunça goldaýandygymyzy aýtmak isleýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar