Prezident Erdogan Belgiýa Gider

Erdogan NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar

1800277
Prezident Erdogan Belgiýa Gider

Prezident R. T. Erdogan, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde saparda bolar.

Erdogan saparynyň çäginde mart aýynyň 23-24-i aralygynda geçiriljek NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, maslahatda Russiýa-Ukraina söweşi meselesine garalar we NATO-nyň goranyş ulgamynyň güýçlendirilmegi üçin görüljek çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatda mundan başgada iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirlen Madrit sammitinde kabul ediljek kararlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdoganyň maslahata gatnaşýan käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

 

 



Degişli Habarlar