Türk Daşary işler ministri Çawuşogly BAE-ne bardy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy

1798813
Türk Daşary işler ministri Çawuşogly BAE-ne bardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahaýanyň çakylygyna laýyklykda ýurdyň paýtagty Abu-Dabi şäherine bardy. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde 16-njy BAE-däki Ilçiler we Diplomatik missiýalaryň wekilleriniň forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna we ol ýerde çykyş etmegine, şeýle hem BAE-li kärdeşi Al Nahaýan bilen duşyşyk geçirmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar