Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýene-de 159 türk raýaty ewakuasiýa edildi

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli düýn Ukrainadan Türkiýäniň 159 raýaty ewakuasiýa edildi

1797035
Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýene-de 159 türk raýaty ewakuasiýa edildi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Lwow, Çernowtsy, Zaparožýe we Dnepr şäherlerinden ýene-de 159 türk raýatynyň ýola çykandygyny habar berdi. 

Amala aşyrylan ewakuasiýalar bilen bagly infografika paýlaşan Çawuşogly, 159 raýatyň awtobus we mikroawtobuslar bilen ady agzalan şäherlerden ewakuasiýa edilendigini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Ewakuasiýa eden raýatlarymyzyň sany 15 müň 196-a ýetdi. Ýoluňyz açyk bolsun" diýip belledi. 

Düýn 13 adama serhetden geçmekleri üçin kömek berendiklerini aýdan Çawuşogly, söweşiň başlan gününden bäri 4 müň 965 adama serhetden geçmäge kömek berendiklerini beýan etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar