Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1797486
Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunukasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly soňky hadysalar we ynsanperwer ýagdaý ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin iň başyndan bäri alyp barýan yhlasly çemeleşmesini dowam etdirýändigini mälim etdi. 

Hemişelik od açmazlyk baradaky ylalalşyk yglan edilen halatynda, uzak möhletleýin çözgüdiň ýolunyň açyljakdygyny aýdan Prezident Erdogan, Russiýa-Ukraina arasyndaky gepleşiklerden oňyn netije alynmagyny tüýs ýüreginden arzuw edýändigini habar berdi. 

Prezident Erdogan käbir meselelerde ylalaşyk gazanyp bilmek üçin liderler derejesinde gepleşikleriň geçirilmeginiň gerek bolup biljekdigini belläp, Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýni Stambulda ýa-da Ankarada myhman etmekden hoşal boljakdyklary baradaky teklibini gaýtalap geçdi. 

Söweşiň hiç bir tarapa peýda getirmejekdigini we diplomatiýa mümkinçiligiň berilmeginiň gerekdigini aýdan Prezident Erdogan, meýdandaky ynsanperwer ýagdaýa gözegçilik etmegiň we ynsanperwer koridorlaryň ikitaraplaýyn häsýetde täsirli we meselelesiz ýagdaýda dolandyrylmagynyň gerekdigine ünsleri çekdi. 



Degişli Habarlar