Mewlüt Çawuşogly, Baýramow we Blinken Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Blinken, Türkiýäniň Ukrainanyň bitewiligi we halka ynsanperwer kömeginin ýetirilmegi meselesinde edýän tagallalary üçin sagbolsun aýtdy.

1796884
Mewlüt Çawuşogly, Baýramow we Blinken Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Çawuşogly bilen Baýramow telefon söhbetdeşliginde Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar we şol ýurtdan göçürlenler hakynda pikir alyşdy.

Mewlüt Çawuşogly bilen Entoni Blinken hem Russiýa-Ukraina söweşi bilen birlikde özara gatnaşyklar hakynda pikir alydşy.

Blinken ABŞ-nyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi we Türkiýäniň Ukrainanyň bitewiligi we halka ynsanperwer kömeginin ýetirilmegi meselesinde edýän tagallalary üçin sagbolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar