Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň merkezinde geçirilen maslahata gatnaşdy

Erdogan: "Ýurdumyzy dünýäniň iň ösen 10 ykdysadyýetiň birine ýetirip, milletimizi asyrlyk arzuwlaryna gowuşdurmak baradaky ygrarlylygymyzy beýan edýäris" diýip habar berdi

1797437
Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň merkezinde geçirilen maslahata gatnaşdy

Ýurduň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan partiýasynyň paýtagt Ankara şäherindäki merkezinde Giňeldilen welaýat başlyklarynyň maslahatyna gatnaşyp, ol ýerde söz sözledi. 

Prezident Erdogan: "Ertir açylyşyny amala aşyrjak 1915 Çanakgala köprüsiniň iň möhüm simwollarynyň biri boljakdygyna ynanan galkynyş göçümimizi, zerur bolan uly başlangyjymyzy goldajak derejä ýetirdik" diýip belledi. 

"Dünýäniň iň möhüm köprüleriniň biri boljak, hat-da ilkinji diýip biljegimiz bir köprüni gurdyk" diýip aýdan Erdogan: "Bu köprümiz bilen 6 minutda Aziýadan Ýewropa, Ýewropadan Aziýa geçilýän taslamany durmuşa geçirdik" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan çykyşynda mundan başgada aprel aýynda Rize-Artwin howa menziliniň açylyşynyň amala aşyryljakdygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar