Milli Goranmak ministri Akar, NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar

Hulusi Akaryň maslahatyň çäginde kärdeşleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

1795514
Milli Goranmak ministri Akar, NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, adatdan daşary ýagdaýda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Goranmak minisrtleriniň maslahatyna gatnaşar.

NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleri, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli başdan geçirlen soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin 16-njy martda çarşenbe güni adatdan daşary ýagdaýda maslahat geçirer.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň maslahatyň çäginde kärdeşleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.



Degişli Habarlar