Çawuşogly Ukrainadan ewakuasiýa edilen türk raýatlar barada beýanat berdi

Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda Ukrainanyň Odessa, Lwow we Çernigow şäherlerinden ýene-de 154 türk raýatynyň ýola çykandygyny mälim etdi

1794311
Çawuşogly Ukrainadan ewakuasiýa edilen türk raýatlar barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ukrainadan ýene-de 154 türk raýatynyň Türkiýä tarap ýola çykandygyny habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda Ukrainanyň Odessa, Lwow we Çernigow şäherlerinden ýene-de 154 türk raýatynyň ýola çykandygyny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Ewakuasiýa eden raýatlarymyzyň sany 13 müň 963-e ýetdi. Ýoluňyz açyk bolsun" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar