Ysraýylyň Prezidenti Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geldi

2008-nji ýyldan bäri Ysraýyldan Türkiýä ilkinji sapar guralýar

1792568
Ysraýylyň Prezidenti  Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geldi

Gerzog we aýaly Miçal Gerzog 2008-nji ýyldan bäri Ysraýyldan Türkiýä guralan ilkinji ýokary derejeli sapar üçin paýtagt Ankaranyň Esenboga howa menziline gondy.

Gerzog uçara münmezden ozal beren beýanatynda; “Maşgalam Miçal bilen Prezident R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda iş başyna gelmegimden bäri alynyp barylan dialogy ösdürmek üçin Türkiýä gidýärin. Türkiýe bilen gatnaşklar Ysraýylyň we sebitiň bähbidine. Men bu saparyň Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky dialogy çuňlaşdyrmagyny tama edýärin” diýdi.

Ysraýyldan Türkiýä ençeme ýyl soň sapar guralýandygyna ünsi çeken Gerzog; “Ysraýyl bilen Türkiýäniň gatnaşyklary soňky ýyllarda durnuksyz dowam etdi. Emma gatnaşyklarymyzy ýaňadandan başladyp, döwletlerimiziň arasynda sarpa goýmagyň esasynda ünslülik bilen ony dowam etdirmeli” diýdi.

Saparyndan soň Türkiýe bilen tapawutly dialogyň başlajakdygyny, gatnaşyklaryň ösjekdigini tama edýändigini aýdan Gerzog; “Halkara ulgam durnuksyzlaşýarka sebitimizde durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň dowam etmegi möhüm” diýdi.

Ysraýylyň lideriniň uçarynyň daşy ibrani we türk dilleri “parahatçylyk, gelejek, hyzmatdaşlyk” sözleri bilen bezeldi.



Degişli Habarlar