Çawuşogly Ukrainadan çykarylýan türk raýatlary bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy

1790844
Çawuşogly Ukrainadan çykarylýan türk raýatlary bilen bagly beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýene-de 204 türk raýatynyň Ukrainadan ewakuasiýa edilendigini mälim etdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainadan ýene-de 204 türk raýatynyň ýola çykandygyny we ewakuasiýa edilen raýatlaryň sanynyň 11 müň 841-e ýetendigini habar berdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly: "Ýoluňyz açyk bolsun. Raýatlarymyzyň howpsuz ewakuasiýasy üçin meýilnamalarymyz dowam edýär" diýip aýan edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar