Prezident Erdogan, ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişel Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Mişel Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşdy.

1790360
Prezident Erdogan, ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişel Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Mişel Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýaňadandan parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 



Degişli Habarlar