Türkiýede Zenanlaryň Zähmet Güýjüne Gatnaşygy 34 Göterime Barabar

Prezident R.T.Erdogan Türkiýede zenanlaryň zähmet güýjüne gatnaşygynyň 27 göterimden 34 göterime ýetendigini aýtdy.

1789860
Türkiýede Zenanlaryň Zähmet Güýjüne Gatnaşygy 34 Göterime Barabar

Prezident Erdogan Stambulda Zenan we Demokratiýa jemgyýetiniň 34-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Sessiýada çykyş eden Erdogan, Türkiýede zenanlara garşy edilýän jenaýatlaryň mukdar taýdan Ýewropa ýurtlarynyň esasy böleginden azdygyny nygtap;”Emma şeýle wakalary doly ortadan aýyrýançak borjumyzy berjaý etdigimiz bolmaz” diýdi.

Erdogan; “Birnäçe wagtdan bäri Adalat ministrligimiz täze özgertmeler bukjasynyň üstünde işleýär. Taslamasynyň taýýarlygy gutaran bukjany gysga möhletde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň gün tertibine getireris” diýdi.

Erdogan zenanlara basyşa garşy göreşde täze özgertmeler bukjasynyň düşünli bolmagyny arzuw etdi.



Degişli Habarlar