Mewlüt Çawuşogly Ukrainaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly bilen Kuleba telefon söhbetdeşliginde Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

1789522
Mewlüt Çawuşogly Ukrainaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Çawuşogly bilen Kuleba telefon söhbetdeşliginde Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Mewlüt Çawuşogly telefon söhbetdeşliginde, Russiýa bilen Ukrainanyň asuda ilatyň göçürülmegi üçin amatly şertiň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazanmagyna Türkiýäniň hoşallyk bildirýändigini belledi.

Mewlüt Çawuşogly ylalaşygyň halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini ýeňilleşdirjekdigini nygtady.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda düýn geçirilen gepleşikleriň ikinji tapgyrynda asuda ilatyň göçürilmegi üçin amatly şertiň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar