Türkiýäniň Goranmak ministri russiýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1787981
Türkiýäniň Goranmak ministri russiýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky soňky hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Hulusi Akar, ewakuasiýa bilen birlikde ynsanperwer ýagdaýlaryň gowulaşdyrylmagy üçin gyssagly ýagdaýda od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girizilmeginiň zerurdygyny beýan etdi. 

Hulusi Akar, Türkiýäniň sebitiň parahatçylygy we ynsanperwer kömekler üçin işlemäge dowam etjekdigini, şol maksat bilen öz üstüne düşýän jogapkärçiligi etmäge taýardygyny aýdandygy bellendi. 



Degişli Habarlar