Çawuşogly Ukrainadan çykarylmagy meýilleşdirilýän türk raýatlar barada beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainadan çykmak isleýän 6 müň 600 türk raýaty üçin tagalla edýändiklerini habar berdi

1786574
Çawuşogly Ukrainadan çykarylmagy meýilleşdirilýän türk raýatlar barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly telewideniýe kanallaryň birine beren beýanatynda, 870 türk raýatynyň awtobuslar bilen Polşa geçirendiklerini belläp, ýene-de 6 müň 600 türk raýatynyň Ukrainadan çykarylmak islenýändigini mälim etdi.  

Beýleki tarapdan "Russiýa bilen Ukrainanyň şu gün gepleşikler geçirmek barada karar kabul etmeklerinden hoşaldyrys" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly, gepleşikleriň ylalaşyk bilen netijelenmegini diledi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý rus wekiliýeti bilen Belarussiýa serhedinde şertsiz ýagdaýda gepleşikleriň geçiriljekdigini aýan edipdi. 

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #Türkiýe

Degişli Habarlar