“Türk Uçarmansyz Howa Ulaglary Dünýäniň İň Gowy Howa Ulaglaryndan Biri”

"TB2-ler dünýäde iň saýlama uçarmansyz howa ulaglaryndan biri we dünýäde 16 ýurtda iş alyp barýar"

1782372
“Türk Uçarmansyz Howa Ulaglary Dünýäniň İň Gowy Howa Ulaglaryndan Biri”

Baýkar firmasynyň Tehnalogiýa müdüri Selçuk Baýraktar, Türkiýäniň öndüren uçarmansyz howa ulaglarynyň dünýäniň iň gowy uçarmansyz howa ulaglaryndan biridigini nygtady.

Selçuk Baýraktar, merkezi Katarda ýerleşýän Al Žazerra telewideniýesine beren beýannamasynda, ýerli ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary hakynda maglumat berdi.

Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň Siriýanyň İdlib şäherinde we Azerbaýjanyň Garabag sebitinde gazanan üstünlikleri barada durup geçen Baýraktar, TB2-leriň dünýäde iň saýlama uçarmansyz howa ulaglaryndan biridigini we dünýäde 16 ýurtda iş alyp barýandygyny nygtady.

Selçuk Baýraktar “TB2-ler 27 sagat yzygiderli uçup bilýär we ýüzlerçe kilometr menzile eýe. TB-2-ler şeýle hem130 kilogramlyk agyrlygy göterip bilýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar