Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1783174
Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Donetsk we Lugansk Respublikalarynyň Garaşsyzlyklaryny ykrar etmek baradaky kararynyň üstünde durulyp geçildi. 

Prezident Erdogan Afrika saparynyň 2-nji duralgasy bolan Senegalda bolan mahaly geçen telefon söhbetdeşliginde, Donbassdaky wakalary we Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdan daşary maslahatynyň netijesinde kabul edilen kararlara ýakyndan gözegçilik edýändigini aýan etdi. 

Türkiýäniň poziýasynyň Daşary işler mministrliginiň beren beýanaty bilen orta goýulandygyny aýdan Erdogan, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ady agzalan Respublikalarynyň Garaşsyzlyklaryny ykar etmeginiň kabul edilmejekdigini habar berdi. 

Prezident Erdogan Ukrainanyň territorial bütewiligini nyşana alan islendik karara garşydyklaryny, meseläniň çözüwi üçin halkara arenada diplomatiýanyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň gerekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar