Daşary Işler Ministri Çawuşogly Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş Ysraýylyň Prezidenti Gersogyň geljek aý ýurdumyza gurajak sapary üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy

1781859
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ysraýylyň Daşary işler miistri Lapid bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Mewlüt Çawuşogly Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Prezidenti Gersogyň geljek aý ýurdumyza gurajak sapary üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy. Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly koronawirusa ýolugandygy üçin ýagşy dileglerini ýetiren kärdeşi Lapide sagbolsun aýtdy” diýildi.

 



Degişli Habarlar