Türkiýe-ÝB Bilelikdäki Parlament Toparynyň Maslahaty 17-18-nji Martda Geçiriler

Türkiýe-ÝB Bilelikdäki Parlament toparynyň masahatynyň 17-18-nji martda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljekdigi habar berildi.

1781382
Türkiýe-ÝB Bilelikdäki Parlament Toparynyň Maslahaty 17-18-nji Martda Geçiriler

2018-nji ýyldan bäri geçirilmeýän maslahata Türkiýäniň adyndan Türkiýe-ÝB Bilelikdäki Parlament toparynyň egindeş başlygy ismail Emrah Karaýel, ÝB-niň adyndan bolsa Ýewropa Parlamentiniň halk deputaty Sergeý Lagodinskiýnin ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar.

Soňy gezek 2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Ankarada 78-njisi geçirilen maslahat ençeme wagt soň Türkiýäniň Mejlisiniň we ÝP-niň halk deputatlaryny duşuşdyrmagy taýdan uly ähmiýete eýe.

Maslahatda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň seljerilmegine, geljekki döwürde haýsy ugurlarda hyzmatdaşlyk ediljekdigi boýunça pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Türk we ýewropaly halk deputatlarynyň aýratynam iki taraply parlamentlerarasy gatnaşyklaryň ýany bilen sebitleýin hem-de halkara meselelerde giňişleýin pikir alyşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar