Kalyn: "Iki lideri duşuşdyrmak bilen bagly tagallalar dowam edýär" diýdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Russiýa-Ukraina krizisinde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, iki ýurdyň liderini duşuşdyrmak tagallalarynyň dowam edýändigini mälim etdi

1781619
Kalyn: "Iki lideri duşuşdyrmak bilen bagly tagallalar dowam edýär" diýdi

Ibrahim Kalyn, VII Üsküdar Kitap sergisinden soň metbugat işgärlerine güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi. 

Prezident Erdoganyň birnäçe gün ozal NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenber gilen geçiren söhbetdeşligi barada beýanat beren Kalyn, Türkiýäniň Russiýa-Ukraina dartgynlygyndaky rolynyň üstünde durup geçdi.

Kalyn Prezident Erdoganyň Russiýa we Ukraina krizisindäki tagallalarynyň dowam eýändigini belläp: "Prezidentimiziň Russiýa we Ukraina döwletleriniň liderlerini duşuşdyrmak teklibi, aslyna garanyňda şol krizisiň hötdesinden gelmek üçin möhüm we iň anyk teklip. Onuň fiziki ýagdaýda ýa-da başga ýollar bilen geçirmek üçin Prezidentimiziň başlangyçlary dowam edýär. Ýakyn wagtda Ukraina amala aşyran saparynda şol meseläni ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen maslahatlaşypdy. Şolar ýaly ýagdaýda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçiren gürrüňdeşliklerinde hem şol meseläni güntertibe getiripdi" diýip habar berdi. 

"Şolar ýaly görnüşde hormatly Putiniň Türkiýä gurajak sapary bilen baglanşykly taýarlyklar hem dowam edýär" diýip aýdan Kalyn: "Rus kärdeşlerimiz bilen bu meselede aragatnaşyk içindediris. Ukraina meselesiniň çözüwi üçin dialoga we diplomatiýa ähmiýet berilmegi, dartgynlygyň azaldylmagy, ikitaraplaýyn häsýetde datygynlygy azaltjak ädimleriň edilmegi möhümdir. Bu ugurda Türkiýe öz üstüne düşen jogapkärçiligi etmäge dowam eder" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar