Akar: "Russiýa-Ukraina dartgynlygyna ýakyndan gözegçilik edýäris" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk bilen baglanşykly metbugatda berilýän habarlaryň eserdeňlik bilen gözden geçirilmelidigini beýan etdi

1781685
Akar: "Russiýa-Ukraina dartgynlygyna ýakyndan gözegçilik edýäris" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Germaniýada Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyndan soň metbugat işgärleirne beýanat berdi. 

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk bilen baglanşykly Hulusi Akar: "Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogan 2 hepde ozal wekiliýet bilen Ukrainada saparda boldy. Prezidentimiz Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen, biz hem öz kärdeşlerimiz bilen netijeli gepleşikler geçirdik. Hadysalara ýakyndan gözegçilik edýäris" diýip mälim etdi. 

"Donbassda harby hereket bar. Şol harby hereketleriň käbir täsirleri bar. Bu babatda metbugatda berilýän habarlar bar. Olar eserdeňlik bilen gözden geçirilmelidir" diýip aýdan Akar: "Sebäbi käbir dezinformasiýanyň, ýalan habarlaryň üstünde durulyp geçilýär. Şolar sebäpli islenmeýän birtopar ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak gerek" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň NATO-nyň içindäki ähli jogapkärçiliklerini üstünlik bilen ýerine ýetirýändigini aýdan Akar: "Gara deňize kenary bolan ýurtlaryň ol ýerde arkaýyn, asuda we durnuklylyk içinde ýaşamaklary biziň iň uly dilegimizdir" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar