Milli Goranmak Ministri Akar Brýussele Gitdi

Hulusi Akar, NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele gitdi.

1779313
Milli Goranmak Ministri Akar Brýussele Gitdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele gitdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygyň möwjän döwründe NATO-nyň ştab kwartirasynda fewral aýynyň16-17-i aralygynda maslahat geçirler.

Ministr Akaryň maslahatyň çäginde Britaniýa, Ruminiýa, Gollandiýa, Estoniýa we Demirgazyk Makedoniýa bilen birlikde käbir ýurtlaryň goranmak minisrtleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar