Prezident Erdogan BAE-de çap edilýän Khaleej Times gazedine makala ýazdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan BAE ertir gurajak saparynyň iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem özgermegine itergi berjekdigini beýan etdi

1777793
Prezident Erdogan BAE-de çap edilýän Khaleej Times gazedine makala ýazdy

Prezident Erdigan BAE-de çap edilýän Khaleej Times gazediniň Türkiýe üçin ýörite bölünip aýrylan ýerine makala ýazdy. 

Makalasynda sebitiň iki ýurdy hökmünde gatnaşyklaryň hyzmatdaşlyga öwrülmeginden hoşaldygyny belläp: "Iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlarynyň artmagy sebitimize oňyn täsiriniň boljakdygyna ynanýaryn" diýip habar berdi. 

Erdogan iki ýurdyň arasynda söwda kuwwadynyň ýylsaýyn artýandygyny we ony öňümizdäki ýyllarda 2 esse ýokarlatmagy maksat edinýändiklerini mälim etdi. 

Türkiýäniň we BAE-niň sebitleýin parahatçylyga, hyzmatdaşlyga we durnuklylyga umumy goşantlar goşup biljekdigini aýdan Erdogan, ikitaraplaýyn gatnaşyklary özgertmek baradaky tagallalaryň global derejedäki asudalyga goşant goşjakdygyny aýan etdi. 

"BAE gurajak saparym iki ýurdyň arasyndaky dostluga berýän ähmiýedimizi görkezmek bilen birlikde hyzmatdaşlygymyzy hem hasam ösdürmegimize itergi berer" diýip aýdan Erdogan, Türkiýe bilen BAE-niň arasynda energetika, saglygy goraýyş, oba hojalyk, logistika, infrastruktura, maliýe, syýahatçylyk meseleleri bilen birlikde klimat çalşygy, energetika, suw we azyk howpsuzlygy meselelerinde hyzmatdaşlygy özgertmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar