Koronawirusa ýolugan Prezident Erdogana dünýä liderlerinden ýagşy dilegler gelmäge dowam edýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baştutany Si Szinpin, koronawirusa ýolugan Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we aýaly Emine Erdoganyň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi

1776324
Koronawirusa ýolugan Prezident Erdogana dünýä liderlerinden ýagşy dilegler gelmäge dowam edýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baştutany Si Szinpin hatynda: "Aýalym Pen Liýuanyň we hut öz adymdan Size we aýalyňyz Emine hanyma tüýs ýüregimizden geçdigi bolsun dileglerini ugradýarys we siziň tiz wagtda sagalmaklaryňyzy dileýäris" diýip habar berdi. 

Hatynda Hytaýyň Türkiýäniň epidemiýa garşy göreşine güýçli ýagdaýda goldaw bermäge dowam etdirjekdigini aýdan Si Szinpin, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini, Hytaý-Türkiýe strategik hyzmatdaşlygy täze bir sepgide ýetirmek üçin Prezident Erdogan bilen hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmegi isleýändigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar