Yragyň demirgazygynda PKK-a agza bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1775817
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Zap we Awaşin sebitlerinde anyklanan PKK-a agza 5 terrorçynyň howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Beýanatda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalaryny tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdigi aýan edildi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa Siriýada Ýewfrat Galkany sebitine od açan we hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan PKK/ÝPG-e agza 9 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #PKK , #terrorçy , #Awaşin , #Zap , #Yrak , #Türkiýe

Degişli Habarlar