Ýylyň Ýanwar Aýynda 47 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ýanwar aýynda 34 sanysy sag, 13 sanysy boýun egmek görnüşinde, jemi 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 5 terror aksiýasynyň öňi alyndy.

1773470
Ýylyň Ýanwar Aýynda 47 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministriniň orunbasary we ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Çatakly, terrorizme garşy göreş boýunça ýanwar aýyna degişli görkezijileri beýan etdi.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda oba ýerlerinde 5 sanysy yly göwrümli, 14 sanysy orta göwrümli, jemi 7,795 operasiýa we terror guramalarynyň şäherlerdäki işlerini alyp barýan öýjüklerine hem-de ýaranlaryna garşy 1,315 operasiýa guraldy.

Şol operasiýalarda 34 sanysy sag, 13 sanysy boýun egmek görnüşinde, jemi 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň 38 sanysy PKK/KJK, 8 sanysy DAEŞ, 1 sanysyny çepçi terror guramasyna degişlidigi anyklandy.

Terror guramasyna goldaw we kömek berendigi hem-de gurama bilen arabaglanşyklydygy anyklanan 2,229 şübheli saklandy, şolardan 295 sanysy tussag edildi.

Aýratynam 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 5 terror aksiýasynyň öňi howpsuzlyk gullukçylary tarapyndan alyndy.

Ýurtlaryna dolanan siriýalylaryň sany bolsa 484,400 bolan bolsa, Türkiýede bellige alynan siriýalylaryň sany 3,739,859 adama barbar.

 



Degişli Habarlar