Stambul-Ýerewan Uçar Saparlary Başlady

Ilkinji Stambul-Ýerewan uçar sapary Türkiýe wagty bilen 23.35-de Stambul şäherindäki Sabiha Gökçen howa menzilinden guraldy.

1772619
Stambul-Ýerewan Uçar Saparlary Başlady

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin edilýän tagallalaryň çäginde Stambul-Ýerewan uçar saparlary başlady.

Ilkinji Stambul-Ýerewan uçar sapary Türkiýe wagty bilen 23.35-de Stambul şäherindäki Sabiha Gökçen howa menzilinden guraldy.

2 sagatlyk uçuşdan soň Pegasus howa ýollaryna degişli uçar paýtagt Ýerewandaky Zwartnots howa menziline gondy.

Azerbaýjanyň harby goşunynyň 2020-njy ýylda Garabagy basyp alyşlyldan halas etmeginden soň Türkiýe, Ermenistana gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin çagyryş beripdi.

Türkiýäniň çagyryşyna Ermenistanyn oňyn jogap bermeginden soň iki ýurt gatnaşyklaryň kadalaşmagy maksady bilen 2021-nji ýylda ýörite wekil belläpdi.

Iki ýurduň ýörite wekiliniň 14-nji ýanwarda Russiýanyň paýtagty Moskwada geçiren duşuşygynda Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda 2020-njy ýylda saklanan uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy barada karar kabul edilipdi.

Kararyň çäginde Ýerewandan uçar ilkinji uçar düýn agşam Stambul howa menziline gonypdy.

 

 



Degişli Habarlar