Yrakda we Siriýada "Gyş Bürgüdi" atly howa operasiýasy geçirilýär

Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terrorçylar tarapyndan baza hökmünde ulanylan Derik, Sinjar we Karajak sebitlerindäki terrorçylaryň ýerlerine garşy Gyş Bürgüdi atly howa operasiýasy guraldy

1772158
Yrakda we Siriýada "Gyş Bürgüdi" atly howa operasiýasy geçirilýär

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, PKK/KJK/ÝPG-e agza we beýleki terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda howa we howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan terrorçylykly hüjümleri ortadan aýyrmak we serhediň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen howa operasiýasynyň guralandygy habar berildi. 

Beýanatda: "BMG-nyň 51-nji maddasyndan gözbaş alýan kanuny taýdan özüňi goramak bilen bagly hukugynyň çäginde, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda bar bolan we terrorçylar tarapyndan baza hökmünde ulanylan Derik, Sinjar we Karajak sebitlerindäki terrorçylaryň ýerlerine garşy Gyş Bürgüdi atly howa operasiýasy geçirildi" diýip mälim edildi. 

Beýanatda: "Gyş Bürgüdi operasiýasynda ýurdumyza, milletimize we serhediň howpsuzlygyna wehim salýan terrorçylara degişli gaçybatalgalar, gowaklar, tuneller, ok-däri ammarlary we ştab hökmünde ulanylan ýerler we tälim bazalary nyşana alyndy. Operasiýasynyň meýilleşdirilmeginde we ýerine ýetirilmeginde asuda halkyň janlarynyň we emläkleriniň howpsuzlygy bilen töweregiň goralmagy ugrunda iň ýokary derejede duýgurlyk görkezildi. Esasan hem ýerli we milli ok-därileriň ulanylan operasiýadan soň ähli harby uçarlarymyz howpsuz ýagdaýda bazalaryna gaýdyp geldi. Eziz milletimiziň bagryndan çykan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan ýurdumyzyň we milletimiziň howpsuzlygy üçin amala aşyrylýan terrora garşy göreş iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministrligi Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Terrorçylaryň hinleri başlaryna ýumrulýar" diýip beýan edipdi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan paýlaşan "Terrorçylaryň hinleri başlaryna ýumrulýar" sözlerini paýlaşyp, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän terrorçylara degişli ýerlere garşy başladan Gyş Bürgüdi atly howa operasiýasynyň üstünde durup geçdi. 



Degişli Habarlar