Daşary Işler Ministri Çawuşogly Bahreýnde Saparda Bolýar

Bilelikdäki Ykdysady komissiýasynyň maslahatynyň mart aýynda geçirilmegi barada karar kabul edildi.

1770597
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Bahreýnde Saparda Bolýar

Resmi sapar bilen Bahreýne giden Daşar işler ministri Mewlüt Çawuşogly kärdeşi Abdullatif Bin Raşid Az Zeýýani bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň topara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Topara gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşiklerde ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi masksady bilen döredilen Bilelikdäki Ykdysady komissiýasynyň maslahatynyň mart aýynda geçirilmegi barada karar kabul edildi.

Daşary işler ministri Çawuşoglynyň 5 ýyl soň Bahreýne guraýan saparynyň çäginde Şa Hamad Bin isa Al Halife we Mirasdar Şazada we Premýer-ministr Selam Bimn Hamad Bin isa Al Halife bilen duşuşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar