Ilçi Serdar Kylyç Türkiýäniň Ermenistan boýunça ýörite wekili boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ozal Ermenistana ýörite wekiliň bellenjekdigini habar beripdi

1760453
Ilçi Serdar Kylyç Türkiýäniň Ermenistan boýunça ýörite wekili boldy

Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Serdar Kylyç Türkiýe Respublikasynyň Ermenistan Respublikasy boýunça ýörite wekili hökmünde bellendi. 

Wezipä bellenmek bilen bagly Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan gol çekilen karar Resmi Gazetde çap edildi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ozal Ermenistana ýörite wekiliň bellenjekdigini habar beripdi. 

Mewlüt Çawuşogly beren beýanatynda: "Kadalaşma tapgyrynyň çäginde ikitaraplaýyn häsýetde wekil belläris, islendik ädimde Azerbaýjan bilen bilelikde hereket ederis" diýip aýan edipdi. 



Degişli Habarlar