Türkiýäniň Daşary işler ministri Gazagystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gazagystanyň Daşary işler ministri Mukhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1758921
Türkiýäniň Daşary işler ministri Gazagystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Gazagystanda başdan geçirilen soňky hadysalaryň ele alynan telefon söhbetdeşliginde ministr Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Gazagystany goldaýandygyny habar berdi. 

Telefon söhbetdeşliginde mundan başgada 11-nji ýanwarda geçiriljek we Gazagystandaky soňky hadysalaryň ara alynyp maslahatlaşyljak Türk Döwletleri Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahaty barada pikir alyşyldy. 

Ýurduň günbatarynda 2-nji ýanwardan başlap suwklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlandyrylmagy we ýurtdaky jemgyýetçilik-ykdysady şertleriň ýaramazlaşandygy sebäpli protestler ýurduň beýleki şäherlerinede ýaýrady. 

Demonstarntlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyklar başdan geçirildi. 

Polisiýa we harby ulaglary ýakan we döwlet binalaryna giren protestçilere howpsuzlyk güýçleri ses bombasy bilen garşylyk görkezdi. 

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew başladylan protestleriň jogapkäri hökmünde görülen hökümediň iş başyndan çekilmek baradaky arzasyny kabul edipdi. 

Protestleriň ýaýbaňlanmagy sebäpli ilki bilen Nur-Soltan, soň bolsa Almaty we Mangistau welaýatlarynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 

Birnäçe wagt soň bolsa Adatdan daşary ýagdaý ýurdyň ähli sebitlerinde yglan edildi. 



Degişli Habarlar