Erdogan "Milli tehnologiýalar we täze maýa goýumlar" atly köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşdy
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň ýaragly, ýaragsyz, hüjüm ediji uçarmansyz howa ulaglarynyň önümçiliginde indi dünýäniň ilkinji 3 ýurdunyň biridigini habar berdi
Prezident Erdogan ýurdyň paýtagty Ankara şäheriniň Kahramankazan etrabynda Türk awiasia we kosmos senagaty A.Ş-yň (TUSAŞ) desgasynda geçirilen "Milli tehnologiýalar we täze maýa goýumlar" atly köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşdy.
Erdogan üstünde işlenýän ýerli howa goranyş ulgamlary bilen baglanşykly: "Häzirlikçe HISAR-lary ýasadyk, ýakyn wagtda bolsa SIPER-i we ondan soňkylary hem dolulygyna tamamlarys" diýip habar berdi.
Türkiýäniň goranyş senagaty taslamalarynyň býujetiniň 5,5 milliard dollardan 75 milliard dollara, pudagyň ýyllyk pul dolanşygynyň bolsa 1 milliard dollardan 10 milliard dollara ýetendigini aýdan Erdogan: "Türkiýe ýaragly, ýaragsyz, hüjüm ediji uçarmansyz howa ulaglarynyň önümçiliginde indi dünýäniň ilkinji 3 ýurdunyň biridir" diýip mälim etdi.
Prezident Erdogan: "Milli söweşjeň uçarymyzy nesip bolsa 2023-nji ýylda angardan çykaryp bütin dünýä görkezeris" diýip aýan etdi.
"2025-nji ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrjak Milli söweşjeň uçarymyz Harby-howa güýçlerimiziň esasy kuwwady hökmünde 2029-njy ýylda asmana galar" diýip aýdan Erdogan: "Goranyş senagatynda indi has hem meýilnamaly we orta-uzak möhletleýin hereket etjek bir döwüre gadam basýarys" diýip habar berdi.