Prezident Erdogan ASKON-yň Baş geňeşinde çykyş etdi

Prezident Erdogan Stambul şäherindäki Çyragan köşgünde geçirilen Anadolynyň arslanlary işewür adamlar jemgyýetiniň (ASKON) Baş geňeşiniň maslahatynda söz sözledi

1755276
Prezident Erdogan ASKON-yň Baş geňeşinde çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň ykdysadyýetini ösüş ugruna salmak ugrunda göreş alyp barýandyklaryny belläp: "Mundan beýläk ähli güýjümizi we mümkinçiliklerimizi iş üpjünçilik we durnuklylyk esasly täze ykdysadyýetimizi ýerleşdirmäge we özgertmäge gönükdireris. Ykdysady düşünjämizi şu iki ugra gönükdireris: Ynam we durnuklylyk" diýip habar berdi. 

"Býujet bilen bagly hiç hili meselämiz ýok, hatda göz öňünde tutulandan hem has gowy netijeler bilen ýyly ýapýarys" diýip aýdan Erdogan: "Her birimiziň bu göreşe beren goldawymyz bar. Biz jebis bolsak hötdesinden gelip bilmejegimiz bir päsgelçilik, duzak ýok" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar