TURKOWAK sanjymyna daşary ýurtlardan talap bildirilmäge başlandy

Gyssagly ýagdaýda ulanylmaga barada rugsatnama berilen, koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan ýerli sanjym TURKOWAK-a daşary ýurtlardan talaplar bildirilmäge başlandy

1753170
TURKOWAK sanjymyna daşary ýurtlardan talap bildirilmäge başlandy

Türkiýäniň Saglygy goraýyş institutlarynyň (TÜSEB) başlygy Prof.Dr. Erhan Akdogan, TURKOWAK sanjymynyň dowamly önümçiliginiň ýerine ýetirilýän Şanlyurfa welaýatyndaky desgada beýanat berdi. 

Häzirki wagtda Türkiýede sanjym bilen bagly hiç hili meseläniň ýokdugyny, şonuň bilen birlikde TURKOWAK sanjymynyň hem ulanylmaga berilip, tapgyra goşant goşjakdyklaryny aýdan Akdogan: "TURKOWAK sanjymy bilen baglanşykly daşary ýurtlardan bize talaplar gelýär, şol talaplara jogap bermek üçin gerek bolan taýarklyklar görülýär, meýilnamalar düzülýär. Dünýäde Kowid-19 sanjymyny öndürýän 9 ýurdyň biri hem Türkiýedir" diýip habar berdi. 

"Sanjym we biotehnologiýa önümleriniň önümçiligi bilen bagly ýene-de bir desganyň bolsa paýtagt Ankara şäherinde gurluşygy başlandy we öňümizdäki ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär" diýip aýdan Akdogan: "Şol tapgyra TÜSEB hökmünde ylmy we tehnologik taýdan ahyryna çenli goşant goşarys, şeýlelik bilen ol ýerde TURKOWAK ýaly sanjymlaryň işleri hem alynyp barylar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar