Altun: "Prezidentimiz hemişe bu ajaýyp milletiň hukugyny gorady" diýdi
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hemişe bu ajaýyp milletiň hukugyny gorandygyny beýan etdi

Prezident Erdoganyň, düýn geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanaty bilen birlikde daşary walýutanyň hümmedi çalt depginler bilen peseldi.
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, sosial medianyň üsti bilen "Aýdany ýene-de dogry çykdy" heştegi bilen mesele bilen bagly beýanat berdi.
Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hemişe bu ajaýyp milletiň hukugyny gorandygyny aýdan Fahrettin Altun: "Onuň güýçli we tutanýerli göreşiniň merkezinde milletimiziň abadan durmuşyny ýola goýmak, ýurdumyzy garaşlylyk duzagyndan halas etmek bardyr" diýip belledi.
Fahrettin Altun Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hiç wagt ýolundan yza dänmändigini beýan etdi.
Degişli Habarlar

Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider
BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi

Hakkari welaýatynda PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy
Gaçybatalgada PKK/KJK terror guramasyna degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we enjam tapyldy