“Terrora we Terrorçylara Ýol Ýok”

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1747138
“Terrora we Terrorçylara Ýol Ýok”

Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda “Terrora we terrorçylara ýol ýok. “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyna girmäçe synanşan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy gahryman esgerlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.

Türk ýaragly güýçleri 2019-njy ýylda Siriýanyň demirgazygyny “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplapdy.

Beýleki tarapdan Osmaniýede, Amanos daglarynda PKK-a garşy guralan operasiýada talyplan 50 kilogram partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy.



Degişli Habarlar