Prezident Erdogan Dohada Kataryň Emiri Tarapyndan Resmi Dabara Bilen Garşylandy

Prezident Erdogan bilen Al Sani garşylama dabarasyndan soň iki çäk duşuşyk geçirdi.

1744050
Prezident Erdogan Dohada Kataryň Emiri Tarapyndan Resmi Dabara Bilen Garşylandy

Resmi sapar bilen Katara giden Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Dohada Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Emirlik diwanynda geçirlen resmi garşylama dabarasynda iki ýurduň döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Prezident Erdogan bilen Al Sani garşylama dabarasyndan soň iki çäk duşuşyk geçirdi.

Prezident Erdoganyň Katara guraýan saparynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, İçeri işler ministri Süleýman Soýlu, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Söwda ministri Mehmet Muş, Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Ömer Çelik ýoldaşlyk edýär.



Degişli Habarlar