Çawuşogly ÝHHG-nyň maslahatyna gatnaşar

Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1740901
Çawuşogly ÝHHG-nyň maslahatyna gatnaşar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýanyň ýer eýeçilik etmeginde geçiriljek Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) 28-nji ministrler maslahatyna gatnaşar. 

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Hormatly ministrimiz 2021-nji ýylyň 2-3-nji dekabr aralygynda ÝHHG-nyň döwürleýin başlygy bolan Şwesiýanyň ýer eýeçilik etmeginde Stokgolm şäherinde geçiriljek ÝHHG-nyň 28-nji ministrler maslahatyna gatnaşar. Maslahatda ÝHHG-nyň güntertibindäki meselelere we ÝHHG geografiýasynyň sezewar galan täze synaglar bilen bagly hadysalar barada pikir alyşylar. Hormatly ministrimiz maslahatda käbir daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar