Agry we Ygdyr welaýatlarynda Eren Gyş-9 operasiýasy başladyldy
Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Agry we Ygdyr welaýatlarynda "Eren Gyş-9 Şehit Žandarma seržant Hüseýin Keleş" atly operasiýa başladyldy
1741173
Ýurdyň içinde terrory dolulygyna ortadan aýyrmak üçin geçirilýän Eren Gyş operasiýalary erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdirilýär.
Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, terror guramasy PKK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen başladylan Eren Gyş-9 operasiýasyna, Žandarmanyň Komandos toparlary, Žandarmanyň Ýöriteleşdirilen toparlary, Polisiýanyň Ýöriteleşdirilen toparlary we Howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 910 harby gatnaşýar.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.