Mewlüt Çawuşogly Italiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

"Di Maýo bilen özara gatnaşyklar, Liwiýa we Owganystan ýaly sebitara meseleler hakynda pikir alyşdyk”

1741034
Mewlüt Çawuşogly Italiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Latwiýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde Italiýanyň Daşary işler ministri Di Maýo bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň öňüsyrasynda Italiýanyň Daşary işler ministri Di Maýo bilen özara gatnaşyklar, Liwiýa we Owganystan ýaly sebitara meseleler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.



Degişli Habarlar