Prezident Erdogan Mustafa Kemal Atatürki sagat 09:05-de paýlaşan ýüzlenmesi bilen hatyralady

Erdogan beýanatynda Atatürkiň suratyny we "Hormat, rehnet we minnetdarlyk bilen hatyralaýarys" diýip ýazylan sözleri paýlaşdy

1731813
Prezident Erdogan Mustafa Kemal Atatürki sagat 09:05-de paýlaşan ýüzlenmesi bilen hatyralady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykmagynyň 83-nji ýylynda sosial media hasabyndan Türkiýäniň wagty bilen sagat 09:05-de paýlaşan ýüzlenmesi bilen hatyralap geçdi. 

Prezident Erdogan: "Garaşsyzlyk ugrundaky göreşimiziň Serkerdebaşysy, Respublikamyzyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürki bakyýete gitmeginiň 83-nji ýylynda hormat, rehnet bilen hatyralaýaryn" diýip belledi. 

Erdogan beýanatynda Atatürkiň suratyny we "Hormat, rehnet we minnetdarlyk bilen hatyralaýarys" diýip ýazylan sözleri paýlaşdy. 



Degişli Habarlar