Mewlüt Çawuşogly, Halid Al Mişri Bilen Duşuşdy

"Biz Liwiýanyň durnuklylygyna we asudalygyna uly ähmiýet berýäris"

1732055
Mewlüt Çawuşogly, Halid Al Mişri Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid Al Mişri bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid Al Mişrini soňky gezek sentýabr aýynda myhman alandyklaryny ýatlatdy.

Çawuşogly “Mişri bilen Liwiýadaky syýasy ýagdaý hakynda pikir alyşdyk. Biz Liwiýanyň durnuklylygyna we asudalygyna uly ähmiýet berýäris we bu ugurda liwiýaly doganlarymyza goldaw bermäge dowam edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar