Altun Glazgo şäherinde "Türkiýäniň Ýaşyl Galkynyş Strategiýasy" atly paneliň geçirilendigini aýtdy

Fahrettin Altun, Twiterr hasabyndan beýanat berdi

1729695
Altun Glazgo şäherinde "Türkiýäniň Ýaşyl Galkynyş Strategiýasy" atly paneliň geçirilendigini aýtdy

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde "Türkiýäniň Ýaşyl Galkynyş Strategiýasy: Giňişleýin, dowamly we ynsanperwer konsepsiýa" atly paneliň geçirilendigini habar berdi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Twiterr hasabyndan beren beýanatynda BMG-nyň Klimat çalşygy sammitinde Kommunikasiýalar edarasy hökmünde geçiren paneliň üstünde durup geçip: "BMG-nyň Klimat çalşygy sammitiniň çäginde Glazgo şäherinde Kommunikasiýalar edarasy hökmünde Türkiýäniň Ýaşyl Galkynyş Strategiýasy: Giňişleýin, dowamly we ynsanperwer konsepsiýa atly panel geçirdik. Ýurdumyzyň Ýaşyl Galkynyş Ynkylaby bilen bagly konsepsiýasyny bu panelde ýene-de bir gezek belläp geçdik" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Glazgo , #Fahrettin Altun

Degişli Habarlar