Mewlüt Çawuşogly: "ABŞ bilen iş toparyny dörederis"

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda PKK/PÝD/ÝPG, Fetullahçy terror guramasy we S-400 howa goranyş ulgamlarynyň ele alynjak iş topary dörediler

1729455
Mewlüt Çawuşogly: "ABŞ bilen iş toparyny dörederis"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, TBMM-niň Meýilnama we býujet komissiýasynda, Daşary işler ministrliginiň we degişli guramadyr-edaralaryň 2022-nji ýylynyň býujetini hödürledi. 

Mewlüt Çawuşogly, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçen hepdäniň ýekşenbe güni Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçiren duşuşygynyň oňyn ýagdaýda amala aşyrylandygyny aýan etdi. 

ABŞ-nyň PKK/PÝD/ÝPG bilen edýän gatnaşyklarynyň, FETÖ-niň ABŞ-daky barlygynyň we S-400 bilen baglanşykly sanksiýalaryň hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigine ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly: "Hormatly Prezidentimiz bulary açyk ýagdaýda geçiren duşuşygynda aýdyp geçdi. Indi bolsa bu meseleleri ele aljak iş toparyny dörederis. Ozal hem ABŞ-na şular ýaly teklip hödürländigimizi aýdypdyk, indi bolsa şoňa meňzeş teklip Baýden tarapyndan bize geldi" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, iş toparynyň döredilmegi we ele alynjak meseleler bilen baglanşykly edaradyr-kärhanalaryň we ministrlikleriň iş alyp barýandygyny beýan etdi. 

Günbatarda ýaýbaňlanýan rasizme, Yslamafobiýa we daşary ýurt duşmançylygyna garşy göreşde raýatlarynyň ýanyndadyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň harby barlygy bilen Siriýanyň Idlib sebitinde ýaşaýan asuda ilaty goraýandygyny, halkara arenada bolsa Palestina dawasynyň öňbaşçylygyny etmäge dowam edýändigini aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeýde halkara hukugyň çäginde Türkiýäniň we Kiprdäki türkleriň haklaryny we bähbitlerini goraýandyklaryny belläp: "Gresiýanyň we Kipriň Grek böleginiň bize garşy ädimlerine meýdanda ikirjiňlenmeden jogap berdik, mundan soň hem bereris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar