Türkiýe Nigeriýada guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Nigeriýanyň Sokoto ştatynda bazara guralan ýaragly hüjümi berk ýagdaýda ýazgardy

1721660
Türkiýe Nigeriýada guralan hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Nigeriýanyň Sokoto ştatynyň Goronýo sebitinde 18-nji oktýabrda bazarda guralan terrorçylykly hüjümde azyndan 43 adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu elhenç terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlaryň maşgalalary bilen dostlukly we doganlyk Nigeriýanyň halkyna we hökümetine tüýs ýüregimizden gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar