5 Günde 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza jemi 16 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1719725
5 Günde 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýada soňky 5 günde “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda 13 we “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda 3 bolmak bilen ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza jemi 16 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Terror howpyny ortadan aýyrmak üçin tutanýerli tutum alyp barýan gahryman Türk ýaragly güýçleri soňky 5 günde  “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda 13 we “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda 3 bolmak bilen ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza jemi 16 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi” diýildi.

Türk ýaragly güýçleri, Siriýanyň demirgazygynda 2016-njy ýylyň awgust aýynyň 24-i bilen 2017-nji ýylyň mart aýynyň 29-y aralygynda “Ýefrat Galkany”, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 9-y bilen 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 25-i aralygynda hem “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýalaryny geçiripdi.

Operasiýalarda Siriýanyň demirgazygy terrorçylardan saplanypdy.

 



Degişli Habarlar