Türkiýe Owganystanda guralan hüjüm bilen bagly beýanat berdi

Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki metjitleriniň biriniň girelgesinde guralan bombaly hüjüm sebäpli gynanç ýüzlenmesini paýlaşdy

1714077
Türkiýe Owganystanda guralan hüjüm bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň berilen ýazmaça beýanatda, Kabul şäherindäki Eidgah metjidiniň girelgesinde jynaza namazy okalýan mahaly guralan bombaly hüjümde adam pidalarynyň we ýaralanan adamlaryň bardygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu elhenç we rehimsiz hüjümde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris. Ýurtda asudalygyň we howpsuzlygyň iň gysga wagtda ýola goýulmagyny umyt edýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar