Türkiýe Owganystana Ynsanperwer Kömegini Ugradar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Owganystana ynsanperwer kömegini ugratjakdygyny beýan etdi

1711742
Türkiýe Owganystana Ynsanperwer Kömegini Ugradar

Çawuşogly düýn geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň Soçi şäherinde kardeşi Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygy hakyndaky soraglara jogap beren Çawuşogly, esasan Siriýa, İdlib we söwda gatnaşyklarynyň gün tertininiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny aýtdy.

Çawuşogly duşuşykda Siriýa ynsanperwe kömeginiň berilmegi we Liwiýa meselesi boýunça pikir alyşyljakdygyny mälim etdi.

Çawuşogly ýakyn gelejek Müsüre ýokary derejeli saparyň guralmagynyň meýilleşdirilmeýändigini aýtdy.

Ministr Çawuşogly Owganystandaky wagtlaýyn Taliban hökümeti bilen gatnaşyklar hakyndaky soraga bolsa; “İlçi derejesinde duşuşyk bar. Biz henize Owganystana gitmedik, olar gelmedi. Ynsanperwer kömegi, azyk, derman kömegine mätäçlik duýýarlar. Gyş gelýär. Bu şolar boýunça gepleşikler geçirýäris” diýip, jogap berdi.

Çawuşogly Kabulyň Hamid Kerzeý adyndaky howa menziliniň dolandyrylmagy hakynda bolsa; “Gepleşikler dowam edýär. Howpsuzlyk bilen bagly aladalar ortadan aýrylmady. Doly anyk däl. wagtlaýynça belli sagatlarda çarter uçuşlara açyk, emma kadaly uçuşlar üçin henize şertler ýok. Gepleşikler dowam edýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar